Jeep ABŞ-nyň iň watanperwer brendi diýlip atlandyryldy

  • 07.07.2022 06:42
  • 8.1k+

Brand Keys konsalting kompaniýasynyň ulanyjylar bilen geçiren pikir soraşmalarynyň jemi boýunça Jeep ABŞ-da iň watanperwer brend diýip atlandyryldy. ABŞ-yň 18-65 ýaş aralygyndaky ilatynyň jemi 5804 sanysyndan pikir soraşyldy, olaryň 1172-si brende gowy baha berdi. ABŞ-nyň iň watanperwer ulag kysymlarynyň sanawynda Jeep-iň  20 ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýändigini bellemek gerek.

Jeep-den soň ikinji ýerde Disney kompaniýasy barýar. Amazon bilen Walmart üçünji ýerde, Coca-cola - dördünji, American Express we Ford bolsa bäşinji ýerdedir. Mundan hem başga, sanawda 20-nji orny eýeleýän Harley-Davidson motosikliniň öndürijisini tapawutlandyrmak mümkin. Ynha, Tesla welin, geçen ýyl 30-njy ýeri eýelänem bolsa, 2022-nji ýylda bu watançylyk sanawyndan düşüpdir.

Brand Keys-iň 2022-nji ýylda iň watanperwer brendleriniň sanawy:

  1. Jeep (–)
  2. Disney (+1)
  3. Amazon, Walmart (+1, -1)
  4. Coca-Cola (+5)
  5. American Express, Ford (+1, -1)
  6. Apple, Coors (+6, +1)
  7. Levi Strauss (–)
  8. Hershey’s (-1)
  9. Pfizer (new)
  10. Domino’s, Netflix, (+1, +2)
  11. The New York Times (-5)
  12. Ralph Lauren (+1)
  13. Jack Daniels (–)
  14. Pepsi (+4)
  15. Dunkin’ (–)
  16. Colgate (+3)
  17. Sam Adams, Wrangler, (-1, -1)
  18. USAA (-4)
  19. FOX News (-11)
  20. Harley-Davidson (-6)
  21. Washington Post (-11)
  22. CVS, Kellogg’s (new, +1)
  23. Gatorade, Home Depot (-1, -6)
  24. L.L. Bean, Nike (+4, -4)
  25. AT&T, MSNBC (-4, -13)
  26. Dollar General, Old Navy (new, -6)
  27. McDonald’s (+2)
  28. Chick-fil-A (-3)
  29. John Deere (-1)
  30. NBA (-5)
  31. MLB (-6)
  32. Google (-13)
  33. Costco (new)
  34. Gillette (new)
  35. NFL (-6)
  36. KFC (-11)
  37. Clorox (-22)
  38. Starbucks (-10)
  39. New Balance (-13)
  40. Dick’s Sporting Goods (new)

05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......