Disney Mikki Mausa bolan hukuklaryny ýitirer

  • 05.07.2022 09:24
  • 11k+

Güýmenje pudagynda iň uly kompaniýalaryň biri bolan Disney ýakynda Mikki Maus üçin eksklýuziw hukuklardan mahrum bolar. 2024-nji ýylda ABŞ-da bu çeper eser üçin awtorlyk hukuklarynyň hereket ediş möhleti tamamlanýar. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, secretmag.ru habar berýär. 

Syçanjyk käbir beýleki multfilm gahrymanlary ýaly brendiň bir bölegine öwrüldi. 2024-nji ýylda Mikki Maus jemgyýetçilik emlägi bolar.
Animasiýa gahrymany 1928-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda döredildi. Ol ilkinji gezek “Williniň gämisi” atly ak-gara multfilmde peýda boldy.
1998-nji ýylda ABŞ-da eseriň jemgyýetçilik emlägine geçiş senesini doňduran kanun kabul edildi. Ol resmi däl ýagdaýda “Mikki Mausy goramak barada kanun” diýlip atlandyryldy. 
Bu kanuna laýyklykda, awtorlyk hukugynyň güýji awtoryň ömrüniň dowamynda we ol aradan çykandan soň ýene 70 ýyl saklanýar. 1976-njy ýyldaky öňki kanun eseri döredijiniň ölüminden 50 ýyl geçensoň eksklýuziw hukuklary ýatyrýardy. Kompaniýa üçin döredilen işler bilen bagly ýagdaýda, bu görkeziji eser döredilenden soň 75 ýyldan 120 ýyla ýa-da köpçülige hödürlenenden soň 95 ýyla çenli artdyryldy. 
Şeýlelikde, Mikki Maus üçin awtorlyk hukuklary 2024-nji ýyla çenli uzaldyldy. 

düýn 23:59
44

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......