Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 04.07.2022 11:31
  • 4.5k+

“Ferrari” toparynyň sürüjisi Karlos Saýns “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde birinji orny eýeledi. Ikinji orny “Red Bulluň” sürüjisi Serhio Peres (+3,779 sekunt yza galyş), üçünji orny “Mersedesden” Lýuis Hemilton (+6,225) eýeledi.

Saýns karýerasynda ilkinji ýeňşini gazandy, mundan öň onuň iň gowy netijesi 2020-nji ýylda Italiýanyň Gran-prisinde ikinji orny eýelemegi boldy. 
Pellehana 20 sürüjiden bary-ýogy 14-üsi ýetdi. Birinji aýlawda bäş ulag çaknyşdy, netijede Jorj Rassel (“Mersedes”), Guanýuý Çžou (“Alfa Romeo”) we Aleksandr Albon (“Williams”) ýaryşdan çykdy. Çžou bilen Albon barlagdan geçirmek üçin lukmançylyk merkezine iberildi. Şeýle-de, tehniki näsazlyk sebäpli Waltteri Bottas (“Alfa Romeo”, 21-nji aýlawda çykdy), Pýer Gasli (“Alfa Tauri”, 27) we Esteban Okon (“Alpin”, 39) pellehana ýetip bilmedi. 
Çempionatyň jedwelinde “Red Bulluň” sürüjisi Maks Ferstappen birinji orunda ýerleşýär, onuň 181 utugy bar. Ikinji orny Peres (147 utuk), üçünji orny Lekler (138) eýeleýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjydyr (328), “Ferrari” ondan 63 utuk yzda.
Çempionatyň indiki tapgyry Awstriýanyň Gran-prisi bolup, 8 – 10-njy iýulda geçiriler.


09.06.2026 07:51
4.2k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....