APL-iň iň ýokary hak alýan futbolçysy belli boldy

  • 03.07.2022 18:12
  • 19k+

«Liwerpulyň» müsürli hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň ýokary hak alýan oýunçysy boldy. Bu barada «Daily Mail» habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Ýatlap geçsek, 1-nji iýulda “Liwerpul” hüjümçi bilen täze şertnamanyň baglaşylandygyny mälim etdi. Täze şertnama görä, oýunçynyň zähmet haky hepdede 400 müň funt sterlinge barabar.
Bu hak Angliýanyň çempionatynyň ýyldyzlarynyň, şol sanda “Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň we “Mançester Sitiniň” belgiýaly ýarym goragçysy Kewin de Brýoýneniň zähmet haklaryndanam ýokarydyr.
Şeýle-de, “Daily Mail” indi Salahyň dünýäniň iň ýokary hak alýan futbolçylarynyň bäşligine girýändigini habar berýär. Ol bu sanawda diňe “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçileri Lionel Messä, Kilian Mbappä we Neýmara ýol berýär. 


şu gün 14:35
1.4k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.6k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......