Red Bull 2025-nji ýylda RB17 giperkaryny öndürip başlar

  • 03.07.2022 10:48
  • 5.4k+

Red Bull Racing Group-da V8 gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylan, 1100 at güýjüni bermäge ukyply ilkinji tapgyrlaýyn awtoulagyny — RB17 giperkaryny öndürmäge taýýarlyk görülýär. 

Şeýle ulaglaryň başlangyç bahasy 5 mln funt sterlingden başlanar, ol 2025-nji ýyldan öndürilip başlanar, diňe çapyşyk trassalary üçin niýetlenen jemi 50 ulag goýberiler.
RB17-niň taslamasy bilen kompaniýanyň tehniki departamentiniň ýolbaşçysy Edrian Nýuiniň ýolbaşçylygynda Red Bull-yň tehnologik bölümçesi bolan Advanced Technologies meşgullanýar. Iki adamlyk giperkar tutuşlygyna Red Bull-yň güýji bilen onuň Milton-Kince-däki bazasynda öndüriler.
Red Bull Racing-iň we Red Bull Advanced Technologies-iň ýerine ýetiriji direktory Kristian Horner şeýle diýýär: "RB17 - kompaniýanyň ösüşinde möhüm döwürdir, indi bu bölümçe Milton-Kince-däki önümçilik meýdançasynda tapgyrlaýyn ulaglary döredip we gurup biler.
RB17-niň  Red Bull markaly,  kolleksiýa toplaýjylara elýeter ilkinji ulag boljakdygyny hem aýtmalydyr".

şu gün 09:17
902

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

düýn 10:58
3.3k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.3k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......