Disney Jek Serçäniň keşbine dolanmak barada Jonni Depp bilen gepleşik geçirýär

  • 01.07.2022 09:45
  • 9.2k+

Disney studiýasy aktýor Jonni Depp bilen onuň “Karib deňziniň garakçylary” franşizasynda kapitan Jek Serçäniň meşhur keşbine gaýdyp gelmegi barada gepleşikleri geçirýär diýip, “Daily Mail” habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. 

“Habara görä, şertnama Jonni Deppiň “Karib deňziniň garakçylary 6” filminde we “Gara merjeniň” kapitanynyň irki durmuşy barada Disney+ serialynyň spin-offunda Jek Serçäniň keşbine gaýdyp gelmeginde jemlenýär” – diýip, ýagdaý bilen tanyş bolan çeşme habar berýär. 

Gürrüň 300 mln dollarlyk şertnama baradadyr, studiýa Depp bilen hyzmatdaşlyga onuň öňki aýaly Ember Herd bilen kazyýet işi wagtynda gyzyklanma bildirip başlady. Studiýanyň wekilleri aktýoryň “olary bagyşlap, meşhur gahrymanyň keşbine gaýdyp gelmegine” umyt bildirýärler.

düýn 23:59
50

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......