Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Beýl “Los-Anjelese” geçer

  • 27.06.2022 16:44
  • 10k+

Uelsiň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garet Beýl karýerasyny Baş futbol ligasynyň (MLS) “Los-Anjeles” klubunda dowam etdirer. Bu barada The Athletic portaly habar berýär diýip, TASS belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Beýl 18 aý uzaltmak mümkinçiligi bilen bir möwsümleýin şertnama baglaşar. Öň, “Los-Anjelese” Ýewropanyň häzirki çempiony italiýaly goragçy Jorjo Kýellini geçdi.
1-nji iýunda Beýl “Realdan” gidýändigini habar berdi.
Beýl 32 ýaşynda, ol 2013-nji ýylda Angliýanyň “Tottenhem” klubundan “Reala” geçdi, 2020-2021-möwsüminde kärendesine “Tottenhem” üçin oýnady. “Real” üçin Beýl 258 oýun geçirip, 106 gol girizdi we 67 netijeli geçirim etdi. Geçen möwsümde ol ýedi duşuşyga gatnaşyp, bir gol saldy. “Realyň” düzüminde Beýl Ispaniýanyň üç gezek çempiony, ýurduň Kubogynyň ýeňijisi we Super kubogynyň eýesi boldy. Şeýle-de, ol bäş gezek Çempionlar ligasynda, üç gezek UEFA-nyň Super kubogynda we üç gezek Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. “Tottenhemiň” düzüminde türgen Angliýanyň ligasynyň kubogyny aldy.
Beýl 2016-njy ýylda Uelsiň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropanyň çempionatynyň ýarym finalyna ýetdi we ýaryşyň bürünç baýrakçysy boldy.
“Los-Anjeles” 15 duşuşykda 30 utuk gazanyp, MLS-iň Günbatar konferensiýasynyň turnir jedwelinde birinji orny eýeleýär. 


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......