Bangladeşdäki suw joşmasynyň pidalarynyň sany 73 adama çenli artdy

  • 27.06.2022 13:27
  • 17k+

Güýçli çabga bolup inen tebigy betbagtçylykda Bangladeşiň dürli sebitlerinde 73 adam heläk boldy diýip, Anadolu habar berýär.  Ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Surma derýasynyň kenarýakasyndaky Silhet şäherine hasam uly zyýan ýetdi.  

Ýüzläp ilat şäherde gabalyp galdy. Eýýäm bir hepdeden köpräk wagt bäri şähere ynsanperwerlik kömegini eltip bolanok. 
Ýokary wezipeli işgär Možibur Rahmanyň sözlerine görä, Silhet şäherine 3 mln dollar möçberinde maliýe kömegi, şeýle hem 1400 tonna tüwi we 13 müň paket azyk önümleri berildi. 
Şonuň ýaly-da, Surma derýasynda suwuň derejesiniň peselýändigi, ýöne hindi ştatlarynyň içinden geçip, Bangladeşiň demirgazyk-gündogaryna baryp ýetýän Barak derýasynyň suwunyň welin, ýokary galýandygy barada aýdylýar.


düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......