Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi

  • 24.06.2022 00:30
  • 15k+

Adidas korporasiýasy Nike şereketini kazyýete berdi we ony öz dokuz patentiniň düzgünini bozmakda günäkärledi. Bu barada Hypebae neşiri habar berýär.

10-njy iýunda Gündogar Tehasyň kazyýetine gelip gowşan talap arzasyna görä, Nike beýleki düzgün bozmalar bilen birlikde, Nike s Run Club, Training Club we SNKRS goşundylaryny goýberip, şeýle hem aýakgaby müşderiniň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýän ulgamly Nike Adapt akylly krossowkalary çykaryp, adidasyň hukuklaryny bozupdyr. Adidasyň ynandyrmagyna görä, Adapt pikiri 2005-nji ýylda çykan, «ylgaw üçin dünýäde ilkinji akylly krossowkalar» bolan Adidas_1 sneaker krossowkalaryndan alnypdyr.
Mundan hem başga, Nike SNKRS goşundysynyň edil adidas Confirmed-iňkä meňzeş funksiýalary bar, üstesine-de, soňky 2015-nji ýylyň fewralynda, birinji bolsa şol ýylyň maýynda goýberilipdir.

«Adidas korporasiýasy uzak wagtlap mobil tehnologiýalar, şol sanda fitnes we onlaýn-sargytlar ulgamynda öňdeligi eýeläp geldi» — diýip, kompaniýanyň talap arzasynda aýdylýar.

Adidas-yň Nike-dan talap edýän  öweztöleginiň takyk möçberi agzalmaýar.


10.01.2026 18:02
2.2k+

Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi

Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi...

09.01.2026 11:20
4.3k+

Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi

Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi...

21.12.2025 14:19
8.3k+

Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi

Adidas kompaniýasy öz resmi saýtynda «Liwerpulyň» we Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah üçin ýörite döredilen täze F50 butsy modelini görkezdi. Sport aýakgabynyň daşky görnüşi Gadymy Müsüriň taryhyna we futbolçynyň mirasyna salgylanýar...

14.11.2025 11:39
6.4k+

Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi

Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar...