Apple-iň işgärleri ilkinji gezek kärdeşler arkalaşygyna birleşmek üçin ses berdiler

  • 20.06.2022 16:48
  • 6.1k+

Merilend ştatynyň Tauson şäherindäki Apple dükanynyň işgärleri aýlyk hakynyň artdyrylmagyny we okuw hem-de pensiýa haklarynyň öwez töleginiň köpeldilmegini talap edip, kompaniýanyň taryhynda ilkinji kärdeşler arkalaşygyny döretmek üçin ses berdiler. Bu barada Insider habar berýär.

Tausondaky Apple bölek satuw dükanynyň 65 işgäri öz bähbitlerini kärdeşler arkalaşygynyň goramagy üçin ses berdi, 33 işgär bolsa bu teklibe garşy çykdy. Zähmet şertleri, aýlyk haky we kömek pullary hakyndaky gepleşikler boýunça ses berlişigiň netijesi ABŞ-yň Milli zähmet gatnaşyklary müdirligi (NLRB) tarapyndan tassyklanandan soň başlanar. Bu iş azyndan ýedi gün wagt alar.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....