Saud Arabystany koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri ýatyrdy

  • 15.06.2022 19:42
  • 13k+

Saud Arabystanynyň hökümeti koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleri ýatyrýar. Bu barada duşenbe güni ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanyp, SPA habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Patyşalykda epidemiologik ýagdaýa edilen gözegçiligiň, kesele garşy öňüni alyş çäreleriniň geçirilişiniň, sanjym etmek we ilatyň immun ulgamynyň ýokary görkezijileri boýunça milli kampaniýanyň gazanan ösüşiniň netijelerine garalyp, şeýle çözgüde gelindi. Indi musulmanlaryň keramatly ýerlerinden — Mekgedäki uly metjitden we Muhammet pygamberiň Medinedäki metjidinden beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde örtük geýmek talap edilmeýär. Dürli desgalara, köpçülik çärelerine barlanda, jemgyýetçilik ulagyna münülende, şeýle hem awiauçuşlarda sertifikatlary görkezmek hem-de ekspress-testleri tabşyrmak ýatyrylýar. Patyşalygyň daşyna — daşary ýurtlara gidilende üçünji buster sanjymy mundan beýläk sanjym almaga degişli toparyň ähli adamlaryna öňki alan sanjymyndan üç aý geçensoň däl-de, sekiz aý geçensoň edilýär.


10.03.2026 13:50
8.8k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

06.02.2026 17:57
8.2k+

Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy

Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy...