22-27-nji iýunda Maryda Medeniýet hepdeligi geçiriler

  • 13.06.2022 18:41
  • 10k+

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi şu ýylyň 22 — 27-nji iýunynda Mary welaýatynda geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada Hökümetiň 11-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi, ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary guralar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde göçme maslahatlary, sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baý many-mazmunly, gyzykly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” operasynyň görkezilişi bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.


şu gün 21:13
106

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

şu gün 15:47
4.2k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

şu gün 12:26
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

13.06.2026 15:15
1.6k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......