FIFA Ekwadory DÇ-2022-ä gatnaşyjylaryň hataryndan çykarmady

  • 11.06.2022 19:10
  • 12k+

FIFA Çiliniň futbol federasiýasynyň Ekwadory Katarda geçiriljek Dünýä çempionaty - 2022-ä gatnaşmakdan mahrum etmek barada arzasyny ret etdi. Belläp geçsek, öň Çiliniň futbol federasiýasy Ekwadoryň ýygyndysynda oýunçylaryň biriniň maglumatlarynyň galp bolmagynda aýyplap, ýaryşyň saýlama tapgyrynyň sekiz oýnunda utulan diýip ykrar etmegi sorap ýüz tutupdy.

"Gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arzalaryny seljermek we berlen resminamalara garamak bilen, FIFA-nyň düzgün-nyzam komiteti Ekwadoryň Futbol federasiýasynyň garşysyna gozgalan işi ýapmaly diýen karara geldi. FIFA-nyň düzgün-nyzam kodeksiniň degişli düzgünnamalaryna laýyklykda, kararyň delillendirilen bölegi babatynda arza bilen ýüz tutmak üçin  taraplara on gün wagt berilýär we  ýüz tutulan halatynda, ol soňlugy bilen FIFA-nyň saýtynda çap ediler. Agzalan kararyň üstünden  FIFA-nyň apellýasiýa komitetine şikaýat edilip bilner" - diýip, habarda aýdylýar.

Çiliniň Futbol federasiýasy maýyň başynda FIFA-nyň düzgün-nyzam komitetine nägilelik bildirip hat ýollapdy. Çiliniň federasiýasynyň tassyklamagyna görä, derňewiň netijesinde ekwadorlylaryň hüjümçisi Baýron Kastilýonyň hakykatda Kolumbiýada resminamada görkezilenden üç ýyl öň doglandygy anyklanan eken.


şu gün 15:58
5.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......