«Mebato-nyň» utuşly aksiýasynyň möhleti 2 gün uzaldyldy

  • 08.06.2022 13:39
  • 22k+

«Mebato» brendiniň esasy baýragy ýeňil awtoulag bolan utuşly aksiýa yglan edendigini habar beripdik. 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda başlanan aksiýa 10-njy iýunda tamamlanmalydy. Emma müşderilerden gelip gowşan köp sanly teklipleri hem-de haýyşlary nazara alyp, «Mebato» aksiýanyň möhletini ýene-de 2 gün uzaldýandygyny habar berdi. Diýmek, arzyly baýraklary utmak üçin nesibäňi synamaga amatly mümkinçilik döredi.

Sowgatly aksiýanyň jemleri 2022-nji 14-nji iýunynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki «Bagtyýar Türkmen» toý mekanynda jemleniler.
Çäre 09:00-da başlanar.

Aksiýa gatnaşmak üçin Mebato brendiniň paýtagtymyzdaky hem-de bäş welaýatdaky söwda dükanlaryndan 1000 manatlyk söwda edip, 1 sany utuşly petek alyp bolýar.

Petekleriň arasynda boşy ýok, esasy baýrak bolsa — ýeňil awtoulag. Beýleki baýraklaryň hatarynda — smartfonlar, holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar, telewizorlar, pylesoslar, gaz plitalary, mikrotolkunly peçler, ütükler we başga-da köpsanly ululy-kiçili sowgatlar bar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 61 34 03 34; +993 62 35 03 35


08.06.2026 15:19
5.8k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......