New Shepard gämisi älem syýahatçylaryny alyp, suborbital uçuşy amala aşyrdy

  • 06.06.2022 01:18
  • 9k+

Blue Origin amerikan kompaniýasy şenbe güni alty syýahatçyny bortuna alyp, özüniň New Shepard älem gämisinde üstünlikli ýagdaýda nobatdaky suborbital uçuşyny geçirdi. Alnyp görkeziliş kompaniýanyň saýtynda berildi diýip, TASS habar berýär.

Kosmodromdan goýberiliş Wan-Horn şäheriniň (Tehas ştaty) töwereginde ýerli wagt bilen 08:26-da amala aşyryldy. Şondan soň älem gämisi 100 km töweregi belentlige galyp, ýolagçylar agramsyzlyk halyna düşdüler. Şonuň öňüsyrasy gämi soňra awtomatik düzgünde kosmodroma gelip gonan raketa-göterijiniň basgançagyndan bölünip aýryldy. Birnäçe minut geçensoň, New Shepard hem paraşýutlaryň kömegi bilen gonuşy amala aşyrdy. Uçuş, umumy  hasaplaňda, 10 minutdan sähel gowrak wagt dowam etdi.
Ilkibaşda älem gämisini 20-nji maýda uçurmak meýilleşdirilipdi, ýöne badalga berilmezinden iki gün öň Blue Origin-iň hünärmenleri ätiýaçdaky ulgamlaryň biriniň işinde näsazlygyň ýüze çykandygyny bildiler we ätiýajy elden bermezlik maksady bilen, uçuşy yza çekmäge mejbur boldular.


düýn 13:00
9.4k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

09.05.2026 14:17
10k+

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýörite çempionlyk guşagy tanyşdyryldy

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýeňijilerine gowşuryljak ýörite çempionlyk guşagynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 15-nji iýunda Waşingtonda geçiriljek bu bäsleşik ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk......

09.05.2026 08:54
3.1k+

Adam bolmasa-da, jerime salnar: Kaliforniýada sürüjisiz ulaglar üçin täze düzgünler kabul edildi

Kaliforniýa ştatynda sürüjisiz awtoulaglara eýeçilik edýän kompaniýalara ýol hereketiniň düzgünlerini bozan ýagdaýynda jerime salmaga mümkinçilik berýän düzgünler tassyklandy....

08.05.2026 21:52
1.1k+

ABŞ-da 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi....