30-njy sentýabrda Tesla adampisint robotynyň prototipini tanyşdyryp biler

  • 05.06.2022 15:34
  • 9.2k+

Tesla elektrokarlaryny öndürýän amerikan kompaniýasynyň baştutany Ilon Mask  kompaniýanyň  30-njy sentýabrda adampisint Optimus robotynyň prototipi bilen tanyşdyrmagynyň mümkindigini mälim etdi diýip, TASS agentligi habar berýär.

"Teslada emeli aň güni 30-njy sentýabra geçirilýär, çünki şol wagta çenli Optimusyň iş prototipiniň peýda bolmagy mümkin" - diýip, anna güni telekeçi öz Twitterinde ýazdy.

Roboty döretmek baradaky pikirini Mask 2021-nji ýylyň awgustynda öňe sürüpdi. Şol wagt hödürlenen taslama laýyklykda,  Optimusyň boýy adam boýy bilen bolar, 20 kilograma çenli ýüki göterip biler we adama gündelik işlerinde ýardamçy bolar. Telekeçiniň aýdyşyna görä, akylly mehanizm adamlaryň "edesi gelmeýän" işlerini eder, meselem, azyk satyn almak üçin dükana gitmäge "ýaltanmaz".

Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, robot edil elektromobillerdäki ýaly, emeli aňyň ulgamlary bilen üpjün ediler. 


02.04.2026 21:00
3k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
3.9k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.6k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...

02.03.2026 23:27
1.8k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...