Beýik Britaniýada Ýelizaweta II-niň dolandyrmagynyň 70 ýyllyk ýubileýi bellenilip başlanýar

  • 03.06.2022 12:31
  • 7.4k+

Beýik Britaniýa şa aýaly Ýelizaweta II-niň dolandyrmagynyň platina ýubileýini dabara bilen bellemäge başlaýar. Şa aýalynyň tagtda oturmagynyň 70 ýyllygy – öň hiç bir britan monarhynyň öz hasabyna ýazyp bilmedik taryhy üstünligi mynasybetli geçiriljek dabara dört gün dowam eder. Bu barada TASS habar berýär.

Aslynda, Ýelizaweta II döwlet baştutany wezipesinde kakasy Georg VI-nyň (1895-1952) ornuna geçen pursatyndan dogry 70 ýyl geçende, 6-njy fewralda rekord goýdy. Şeýle-de bolsa, şa aýalynyň doglan güni bilen bagly ýagdaý ýaly (21-nji aprel), ähli dabaralar iýun aýyna meýilleşdirildi. Şenbe we ýekşenbe günlerine maý aýyndan ýörite yza süýşürilen anna günündäki bank dynç güni goşuldy, wakanyň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, penşenbe güni hem iş güni däl diýlip yglan edildi. Şeýlelik bilen, britaniýalylar bu tegelek senäni bellemek üçin birbada dört gün dynç aldylar.

Ýurduň ähli ýerinde 200 müňden gowrak dürli çäreler meýilleşdirilýär. Ýerli dolandyryş assosiasiýasynyň hasabyna görä, köçedäki oturylyşyklaryň sany 16 müňe ýetmeli we olara 12 mln adam gatnaşmaly. Dabarany guraýjylaryň hasabyna görä, olar 1 mlrd adamlyk teleauditoriýany özüne çekerler.

Ýelizaweta II 25 ýaşynda tagta geçýär. 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýelizaweta II tagtda oturmagyň dowamlylygy boýunça şa aýaly Wiktoriýanyň (1819-1901) rekordyny täzeleýär, 2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Tailandyň patyşasy Pumipon Adulýadet (Rama IX) aradan çykandan soň, ol dünýäniň häzirki wagtda ýaşap ýören monarhlarynyň arasynda iň köp hökümdarlyk eden boldy. Şeýle-de, Ýelizaweta II häzirki döwlet baştutanlarynyň arasynda iň garrysydyr.

Patyşalyk eden aýallaryň arasynda ol taryhda hemmeden köp wagtlap tagtda oturdy. Ýöne ol heniz tagtda 72 ýyl 110 gün bolan fransuz patyşasy Lýudowik XIV-iň (1638-1715) rekordyny täzelänok. Iň uzak dolandyryşyň tassyklanan rekordy dört aýlyk wagty ýokary serdar diýlip yglan edilip, 82 ýyl 254 gün hökümdarlyk eden Swazilendiň (häzirki Eswatini) patyşasy Sobuz II-ä degişlidir.

Ýelizaweta II dolandyran döwründe 100-den gowrak ýurda baryp, 21 müňden gowrak çärä gatnaşdy. Ol 4 müň kanuna patyşa sanksiýasyny berdi, döwlet sapary bilen Londona gelen 112-den gowrak dünýä liderini kabul etdi.


düýn 15:45
3.5k+

Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär. Arhipelag ýedi adadan ybarat...

09.05.2025 16:07
6.9k+

Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň täze portretlerini görkezdi

Bukingem köşgi patyşa Karl III-niň we şa aýaly Kamillanyň iki sany täze portretini görkezdi. Suratlar köşgüň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Bu suratlar 2023-nji ýylda sargyt edildi. Suratkeşleri bolsa şanyň we şa aýalynyň özi saýlady...

17.04.2025 07:53
6.2k+

Beýik Britaniýanyň banknot we pasport öndüriji kompaniýasy «De La Rue» satyldy

Dünýäniň köp ýurtlary üçin banknotlary, markalary, möhürli kagyzlary we pasportlary öndürýän Beýik Britaniýanyň «De La Rue» kompaniýasy ABŞ-nyň «Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy tarapyndan hödürlenen satyn alyş teklibini kabul etdi...

30.01.2025 17:34
6.3k+

Britaniýanyň 200-den gowrak kompaniýasy dört günlük iş hepdesine geçdi

Beýik Britaniýada iki ýüzden gowrak kompaniýa dört günlük iş hepdesine geçdi. Täze tertip boýunça işleýän guramalaryň işgärleri kanagatlanma derejesiniň ýokarlanandygyny belleýär diýip, The Guardian habar berýär...