Diş lukmanlary dişleri berkidýän 13 önüm barada gürrüň berdiler

  • 04.06.2022 20:23
  • 35k+

Dişleriň we diş etiniň sagdyn bolmagy üçin agyz boşlugynyň arassaçylygyndan başga-da, dogry iýmitlenmek hem möhümdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, dişler üçin peýdaly bolan azyk önümleriniň sanawyna käşir, deňiz önümleri we ýumurtga girýär. Gyzyl balykda we skumbriýada dişiň syrçasyny berkidýän we onuň zeper ýeten ýerlerini dikeldýän fosfor bar. Hünärmenleriň aýdanlaryny “Lenta.ru” neşiri getirýär diýip, Mir24 belleýär.

Dişleri berkidýän önümleriň hataryna ary baly hem degişlidir: ol düzüminde agyz boşlugynyň patogen mikroflorasyny ýok edýän enzimalary saklaýar we çişmä garşy häsiýetlere eýe bolýar.

Mundan başga-da, hünärmenler dişleri gorap saklamak üçin gök otlary iýmegi maslahat berýärler. Petruşka, ukrop we reýhan gan damarlaryny berkitmäge gatnaşýan ftoridleri we fosfatlary saklaýar, bu bolsa diş etiniň ganjarmak howpuny azaltmaga kömek edýär. Şeýle-de, gök ot agyzdan gelýän ýakymsyz ys bilen netijeli göreşip, uzak wagtlap tämizlik duýgusyny berýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, dişleriň sagdyn bolmagy üçin rasiona sink, kalsiý we magniý elementlerine baý bolan hozy we çigidi hem goşmaly. Hoz süňk dokumasyny we pulpanyň nerw süýümlerini iýmitlendirýär, antiseptik häsiýetlere eýe bolup, patogen mikrofloralarynyň işjeňligini saklaýar.

Lukmanlar dişleriň sagdynlygy üçin gerek bolan önümleriň sanawynda peýniri, klýukwany we kişmişi hem agzaýarlar. Mundan başga-da, alma, armyt, tofu, ysmanak we şiitake kömelegi-de dişler üçin peýdalydyr. Soňky agyzda bakteriýanyň köpelmeginiň öňüni alýan lentinan polisaharidi sebäpli mikroblara garşy häsiýete eýedir.


düýn 18:46
3.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.2k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.3k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....

06.05.2026 16:42
5.1k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....