Mercedes 2023-nji ýylda mehaniki korobkadan doly el çekmegi karar etdi

  • 01.06.2022 10:00
  • 14k+

Mercedes-Benz eýýäm 2023-nji ýyldan başlap, mehaniki korobkaly geçirijili awtoulaglary goýbermegi doly bes etmegi meýilleşdirýär diýip, kompaniýanyň ýokary wezipeli işgärleriniň sözüne salgylanýan Automobilwoche nemes neşiri habar berýär. 

"Elektrikleşmegiň ösmegi blen, alyjylaryň islegi elektromobillere, akkumulýatorlara we elektrogeçirijileriň ulgamyna tarap gönügýär. Şol sebäpli Mercedes-Benz kem-kemden mehaniki korobkaly geçirijili ulaglary hödürlemesini bes eder" - diýip, Mercedes-Benz-iň wekili aýtdy. Şu ýerde elektromobilleriň gurluş aýratynlygyna laýyklykda, mehaniki korobkaly geçirijiler bilen enjamlaşdyrylmaýandygyny aýtmalydyrys.

Nemes kompaniýasynyň bireýýämden bäri mehanikadan ýüz öwürmäge ýykgyn edýändigini bellemek gerek. Mysal üçin, ABŞ-yň bazarynda mehaniki korobkaly modeller eýýäm köp ýyllardan bäri ýok, Ýewropada bolsa ol häzir diňe A-Class, B-  Class we CLA modellerde baza toplumlarynda gabat gelýär.


düýn 16:48
6.9k+

BMW Mercedes-Benz-iň doglan gününi degişme bilen gutlady

​29-njy ýanwarda  awtomobil senagatynda bäsdeşler özara göreşi bir gapdala goýsalar-da, degişmeden ýüz öwürmediler. ​Şu senede Karl Benziň özüniň «Motorwagen» ulagyna patent alan gününiň 140 ýyllygy doldy. Häzirki zaman düşünjesindäki awtomobil taryhy edil şu seneden başlanýar diýlip hasaplanýar...

30.01.2026 15:34
5.2k+

"Öýe hoş geldiňiz!": Täzelenen Mercedes-Benz S-Class çykdy

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň kaşaň S-Class sedanynyň täzelenen görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Öndürijiniň habar bermegine görä, bu modeldäki şaýlaryň we komponentleriň ýarysyndan gowragy täzelendi ýa-da kämilleşdirildi...

29.01.2026 15:46
2.6k+

Mercedes-AMG täze ekstremal Mythos kupesiniň ilkinji suratlaryny görkezdi

Mercedes-Benz kompaniýasy AMG bölüminiň iň täze modeli hasaplanýan täze sport kupesiniň ilkinji resmi suratlaryny paýlaşdy. Bu ulagyň eksklýuziw Mythos seriýasynyň ikinji modeli boljakdygy tassyklanyldy. Onuň resmi tanyşdyrylyş senesi heniz yglan edilmedi...

27.01.2026 13:25
5.8k+

Mercedes-Benz S-Class-a modeliň taryhynda iň düýpli özgeriş garaşýar

Täzelenen Mercedes-Benz S-Class-yň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşy 29-njy ýanwara meýilleşdirilýär. Germaniýanyň awtoulag öndürijisi bu senäni tassyklady we geljekki täze modeliň birnäçe tizer suratlaryny çap etdi...