Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar

  • 31.05.2022 20:46
  • 19k+

Toyota mikroçipleriň ýetmezçiligi we koronawirus ýaýrandan soň Hytaýda karantine geçilmegi sebäpli awtoulaglarynyň önümçiligini ýene-de çäklendirýändigini mälim etdi. Reuters-iň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň iýunynda Toyota meýilleşdirileninden 50 müň awtoulagy az goýbermegi niýet edýär. Şeýle-de bolsa, birnäçe gün mundan ozal 100 müň ulagyň kem goýberiljekdigi mälim edildi. Şeýlelikde, ýapon kompaniýasy diňe iýunyň özünde, başdaky meýilleşdireni bilen  deňeşdirilende, 150 müň awtoulagy az çykarar, dünýädäki ähli zawodlarynyň önümçiliginiň umumy göwrümi bolsa aýda 800 müň ulag bolar.  

Ýogsam, öň Toyota 2022-nji ýylyň martyndan 2023-nji ýylyň martyna çenli 9,7 mln töweregi awtoulagy goýbermekçidi. Emma häzir Toyota-da ýyllyk önümçilik meýilnamasyny kemeltmäge "mümkinçiligiň" bardygyny habar berdiler. Kompaniýa eýýäm 2022-nji ýylyň martynda, aprelinde we maýynda birgiden zawodlaryny togtatmaga mejbur bolupdy. Toyota-da häzirlikçe şaý toplumlary bilen bagly ýagdaýyň haçan durnuklaşjakdygyny takyk ynam bilen aýdyp bilmeýärler.

"Şanhaýda dowam edýän ýapylyşyk sebäpli ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligi bilen bagly häzirki ýagdaýa baha bermek örän çetin" - diýip, Toyota-nyň wekilleri nygtaýarlar.

2021-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýa 10,49 mln ulag (konserne girýän ähli brendler  hasaba alynýar) satyp, Toyota-nyň iň iri ulag öndüriji bolandygyny bellemek gerek. Bu 2020-nji ýyla garanda 10% artykdyr. Ikinji ýerde, 8,3 mln netije bilen, Volkswagen AG barýar, bu netije 2020-nji ýyla garanda 7% pesdir. Üçünji ýerde Amerikanyň General Motors-y barýar: 6,29 mln (-8%). Şeýle-de, ulag öndürijileriň top-5-ine Stellantis (5,29 mln, +4%) we Honda (4,12 mln, -6%) konsernleri girýär.  


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......