Angliýanyň premýer-ligasy «Çelsiniň» Todd Boeliniň konsorsiumyna satylmagyny makullady

  • 26.05.2022 16:13
  • 12k+

Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) edarasy “Çelsi” futbol klubunyň amerikaly işewür Todd Boeiliniň konsorsiumyna satylmagyny makullady. Bu barada APL-iň metbugat gullugy habar berýär.

Satyn alma henizem Beýik Britaniýanyň hökümetiniň satuw üçin zerur ygtyýarnamany bermegine we şertnamanyň jemleýji tapgyrlarynyň kanagatlanarly tamamlanmagyna bagly. Häkimiýetler klubuň öňki eýesi russiýaly Roman Abramowiçden topary satmagyň netijesinde hiç hili serişde almajakdygyna berk kepillik talap edýärler.          
Boeliniň topary “Çelsi” üçin 4,25 mlrd funt ($5,24 mlrd) teklip etdi. Bulardan 2,5 mlrd funt klubuň özi üçin tölener, ýene 1,75 mlrd funt ($2,16 mlrd) onuň ösüşine maýa goýulmaly. 
Sky News-iň maglumatlaryna görä, şertnama geljek 10 ýylda klubuň paýnamalarynyň satylmagyny we  diwidendleriň tölenmegini gadagan etmegi göz öňünde tutýar.


şu gün 14:17
887

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
12k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......