Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi

  • 26.05.2022 13:04
  • 16k+

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. 

Ir bilen mekdepleriň iň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular. Dürli sport ýaryşlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Däbe görä, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary geçirildi.  “Soňky jaň” dabaralary Watanymyzyň  ýüregi, syýasy, işewürlik, jemgyýetçilik we medeni durmuşyň merkezi bolan Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär.
Agşam Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, mähriban bilim ojaklaryna, Watanymyza hem-de türkmen halkymyza bolan söýgä bagyşladylar.
Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi. 


düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 17:01
3.4k+

Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy......

düýn 16:55
1.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....