Hyundai sedan Sonata-ny önümçilikden aýrar

  • 25.05.2022 18:43
  • 17k+

Hyundai kompaniýasy sedan Sonata-ny öndürmegi kem-kemden bes etmek kararyna geldi. Şereketdäki çeşmelere salgylanýan Chosun neşiriniň ýazyşy ýaly, 2025-nji ýylda modeliň täze neslini çykarmak meýilleşdirilenem bolsa, onuň üstünde işlenilmeýär. Sonata-dan el çekilmegi geljekde Hyundaiň  elektromobillere geçmegi we sedanlaryň meşhurlygynyň umumy pese düşmesi bilen baglydyr.

Kompaniýanyň häzirki Hyundai Sonata-lary goýbermegi haýsy wagta çenli çekjegi heniz belli däl. Ýöne, neşiriň maglumatlaryna görä, şol modelleri ýygnaýan koreý zawodlarynda käbir ugurlar eýýäm elektrokarlary ýygnamaklyga ýöriteleşip ugrady. Şeýle-de bolsa, indiki ýyl Hyundai sedanyň restaýling wersiýasyny görkezmegi mümkin.

Hyundai Sonata ilkinji gezek 1985-nji ýylda peýda boldy we koreý bazarynyň esasy iň uzak ýaşlylarynyň biri hasaplanýar. Emma krossowerleriň meşhurlygynyň artýan şertlerinde Sonata isleg pese gaçýar. Onuň häzirki nesli şu wagt 440 müň nusgalyk tiraž bilen satyldy, emma Sonatanyň geçen ýyllardaky netijesi, adatça, milliondan geçýärdi.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....