AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer

  • 18.05.2022 23:59
  • 17k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubunyň futbolçysy Lionel Messi 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýami” amerikan klubuna geçer. Bu barada Direct TV-niň žurnalisti Aleks Kandala salgylanyp, AS habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, argentinaly hüjümçi şertnama boýunça soňky möwsümi parižliler üçin oýnar. Şeýle-de, Messi Baş futbol ligasynyň (MLS) amerikan toparynyň paýnamalarynyň 35 göterimini satyn alar. Onuň egindeş eýesi Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekhemdir.
Bellenilişi ýaly, Messiniň geçmegi fransuz toparyna Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah bilen şertnama baglaşmaga mümkinçilik berer.
Messi erkin agent hökmünde 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-a” geçdi. Şu möwsümde ol klub üçin ähli ýaryşlarda 31 oýna gatnaşyp, dokuz gol geçirdi we 13 netijeli geçirim etdi. 


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....