Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy

  • 18.05.2022 15:45
  • 4.5k+

Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 2022-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanan 2021-nji maliýe ýylynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,1% artandygyna hökümetiň berýän maglumatlary şaýatlyk edýär. 

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda şahsy sarp ediş mukdary 2,6% artdy. Muňa Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň 60%-i düşýär. 
Üç ýylyň içinde ilkinji gezek JIÖ-niň artýandygy görünýär. Aýratynam, bir ýyl mundan öň bu görkeziji 2019-njy ýylyň görkezijisinden 4,5% pese gaçypdy. Ösüş koronawirus çäklendirmeleriniň ýumşaýan şertlerinde işewür işjeňliginiň janlanmagy bilen şertlendirilýär. 


şu gün 16:30
464

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 10:04
5.4k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......