Altynyň bahasy gymmatlamagyny dowam edýär

  • 18.05.2022 15:35
  • 18k+

Altyn sişenbe güni agşamky ýagdaý boýunça gymmatlamagyny dowam edýär, bu gymmatly metalyň troý unsiýasynyň bahasy 1800 dollardan ýokary bolmagynda galýar, muňa söwdalaşyklaryň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda altynyň iýun fýuçersiniň bahasy aşgabat wagty bilen 21.06-daky ýagdaýa görä, 3,11 dollar gymmatlady, ýa-da 0,13% - troý unsiýasy 1816,4 dollara çykdy. Kümşüň iýul fýuçersi 0,56% - unsiýasy 21,67 dollara çenli gymmatlaýar. 
Ýaňy-ýakynda altynyň troý unsiýasy 1800 dollardan aşak düşenden soň, häzir ýene üç gün yzly-yzyna gymmatlamagyny dowam edýär. 
Altynyň bahasynyň artmagyna, esasan, dollaryň arzanlamagy öz täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, dollaryň indeksi (alty ýurduň - ABŞ-yň söwda hyzmatdaşlarynyň gyzyl pul sebedine kurs) 0,74%, 103,42 punkta çenli kemelýär. Dollaryň peselmegi altyna bolan islegi artdyrýar we ony beýleki beýleki walýutalara derek has elýeterli edýär.

şu gün 12:00
811

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
4.3k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.4k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.3k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......