Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeler we gant şugundyrynyň tohumy satyn alnar

  • 07.05.2022 15:18
  • 13k+

Hökümetiň 6-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri hem-de gant şugundyrynyň tohumyny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýer E.Orazgeldiýewe gözegçilik edýän ministrliginiň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini ýerinde görmegi tabşyrdy we oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, olara zerur bolan kömegi bermegiň möhümdigini nygtady.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......