Serdar Berdimuhamedow: «Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur»

  • 06.05.2022 02:21
  • 73k+

5-nji maýda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde korrupsiýa we parahorluga garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, Baş prokuror B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýakynda Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde yhlasly daýhanlaryň halal zähmetinden döräp, halkymyzyň rysgaly hasaplanýan ak uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satyp, baýamak islän adamlaryň hyýanatçylykly etmişleriniň üsti açyldy.

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň başlygy wezipesinde işlän R.Durdynazarow özüniň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, korrupsiýa, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi we bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma ýaly jenaýatlara baş goşupdyr. Şeýlelikde, R.Durdynazarow eden bikanun hereketleri zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekilip, ol kazyýetiň hökümi bilen, 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň başlygy wezipesinde işlän R.Bäşimow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, para bermek, gulluk galplygy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýatlary edipdir we söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beripdir. Jenaýat jogapkärçiligine çekilen R.Bäşimow kazyýetiň hökümi bilen, 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle hem Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazarynyň direktory wezipesinde işlän G.Babaýew wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para almak, gulluk galplygy, ynanylan emlägiň aýratyn uly möçberde ogurlanmagy, sarp edijileri aldamak ýaly agyr netijelere getirýän jenaýata baş goşupdyr. Şeýle jenaýatlary edip, söwda düzgünleriniň bozulmagyna ýol beren G.Babaýew kazyýetiň hökümi bilen, 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Mundan başga-da, agyr jenaýat edenlere şärik bolan Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşiginiň söwda bölüminiň başlygy wezipesinde işlän Ç.Atdaýew ýurdumyzyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalary esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen, 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Büzmeýin hojalyk hasaplaşygyndaky bazaryň gözegçisi wezipesinde işlän H.Aşyrow eden etmişleri zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildi we kazyýetiň hökümi bilen, 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 

Haram işlere baş goşan adamlara şärik bolan Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ammar müdiri wezipesinde işlän M.Abdullaýew gulluk galplygy, para almak, para bermek ýaly jenaýatlary edip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi we ol kazyýetiň hökümi bilen, 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Şeýlelikde, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň işçisi wezipesinde işlän M.Goşunow, jemgyýetiň 1-nji dükanynyň satyjysy wezipesinde işlän B.Zahirow, 3-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Y.Meredow, şol jemgyýete degişli 4-nji dükanyň müdiri wezipesinde işlän Ý.Seýdalyýew, Büzmeýin alyjylar jemgyýetiniň ekspeditory wezipesinde işlän Y.Zahyrow, mundan başga-da, raýatlar A.Sähetmyradow, B.Ataýew, R.Çopanow dagynyň eden etmişleri nazarda tutulyp, kazyýetiň hökümi bilen, olaryň her biri 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

“Döwletiň we halkyň emlägini ogurlan bu doýmaz-dolmaz, parahor jenaýatkärleriň diňe özleri masgara bolman, eýsem, öz maşgalalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň hem ýüzlerini ýere salýarlar, şeýdip, olary il içinde biabraý edýärler. Elbetde, bular ýaly korrupsiýa baş goşan, parahor adamlar öz eden etmişleri üçin hökman kanunyň öňünde jogap bererler” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

“Jemgyýetimizde bular ýaly jenaýatkär adamlara hiç haçan orun bolmaz! Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de geljekde-de halkyň we döwletiň emlägine göz gyzdyryp, haramlyk edýän şular ýaly jenaýatkärlere garşy göreşiň alnyp baryljakdygyny, korrupsiýanyň we parahorlugyň köki-damary bilen soňuna çykmak boýunça ähli zerur çäreleriň görüljekdigini ýene-de bir gezek ýatlatdy. 


şu gün 16:48
1.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi...

şu gün 16:21
2.2k+

Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy. Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi...

şu gün 16:03
1.1k+

Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

şu gün 15:32
730

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar...