Coca-cola birbada üç sany oýun gurluşyny çykardy

  • 03.05.2022 19:43
  • 17k+

Coca-cola sähelçe wagt mundan öň öz çykarýan gazly suwunyň täze bir görnüşini — Coca-cola Byte-ty hödürledi. Indi bolsa kompaniýa geýmerler üçin birbada üç dewaýsy goýbermek maksady bilen SCUF Gaming bilen birleşdi.

Birinji gurluş — SCUF Reflex Pro Byte geýmpad. Ol plastikden ýasalan, onuň esasy reňki — dürli öwüşginli benewşe. Kontrolýoryň yzky bölegi goşmaça triggerler bilen enjamlaşdyrylan.

Ikinji dewaýs — SCUF H1 Byte garniturasy. Onuň esasy reňki bolsa gara, şol bir wagtda gapdal wstawkalarynda benewşe öwüşginli Coca-cola diýen ýazgy bar. Ulanyjy gurluşyň gapdal wstawkalaryny aýryp we çalşyp hem bilýär — olary kompaniýanyň şereket dükanlaryndan satyn almak bolýar.

Kollaborasiýanyň çäklerinde goýberilen ýene bir täzelik — CORSAIR K85 Byte ultraykjam mehaniki klawiatura. Modeliň tapawutly aýratynlygy — Space düwmesinde Coca-cola logotipiniň bolmagy.

Gurluşlaryň bahalary barada aýdylanda bolsa, olar beýlebir arzanam däl:  SCUF Reflex Pro Byte — 249,99 dollar, SCUF H1 Byte — 149,99 dollar we SCUF CORSAIR K85 Byte — 129,99 dollar.

şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......