Honor Hytaýyň bazarynda Huawei bilen Xiaomi-den öňe geçdi

  • 02.05.2022 17:06
  • 10k+

Huawei kompaniýasyndan aýrylmak bilen Honor kämilleşmegini dowam etdirýär. Counterpoint kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça Hytaýda Honor bazaryň 16,9%-ini eýeläp, dördünji orna çykdy.

Deňeşdirmek üçin: bir ýyl ozal Honor bazaryň diňe 5,5%-ini eýeläpdi. Häzir hatda Xiaomi hem 14,9% paý bilen ondan yza galdy, Huawei-niň paýy bolsa bir ýylyň dowamynda 15%-den 6,2%-e çenli azaldy. Bazaryň beýleki esasy oýunçylarynyň paýlarynyň düýpli üýtgändigini göz öňünde tutsaň, Honor-yň Huawei-niň müşderileriniň ep-esli bölegini özüne çekendigi düşnüklidir.

Şeýle-de, Honor Hytaýda hem çärýek, hem ýyllyk ösüşini görkezen ýeke-täk smartfon öndürijisi boldy. Onuň Honor 60 hatary has meşhur boldy. Ýyllyk aňlatmasynda Honor 167% ösüşi görkezdi, Hytaýyň bazary bolsa 14% pese gaçdy.

Beýleki kompaniýalar barada aýdylanda, liderler Vivo bilen Oppo öz paýlaryny ýitirdiler, Apple bolsa, tersine, artdyrdy. Şeýle-de, Realme hem oňyn dinamikany görkezdi. 


31.01.2026 22:23
3.3k+

Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi

AVC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 27,63 million sany reňkli telewizor satyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,4% az bolup, soňky on ýylyň dowamyndaky iň pes netijedir...

23.01.2026 15:56
3.7k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...

17.01.2026 14:38
3.8k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...

15.01.2026 21:50
3k+

Counterpoint: Apple 14 ýyldan soň ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça Samsung-dan öňe geçdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäde smartfon üpjünçiligi ugrunda birinji orny eýeledi. Şunlukda, amerikan korporasiýasy 14 ýylyň içinde ilkinji gezek özüniň esasy bäsdeşi bolan Samsung-dan öňe geçmegi başardy...