2022-nji ýylyň birinji çärýeginde global PK üpjünçiligi pese gaçdy

  • 02.05.2022 17:06
  • 5.1k+

Counterpoint Technology Market Research kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde personal kompýuterleriň global bazaryny öwrenmek bilen netijeleri çykardy. Görnüşi ýaly, kompýuterleriň satuwy azalýar, ýetmezçilik ýaly meseleler bolsa henizem dowam edýär.

Hasaplamalara görä, stolüsti ulgamlaryň we noutbuklaryň iberilişi ýyllyk hasabynda 4,3% - 78,7 mln birlige çenli azaldy. Analitikler heniz logistika we bölekleriň ýetmezçiligi bilen bagly meseleleriň saklanýandygyny belleýärler.

Iň uly PK üpjün edijisi 23,1% paý bilen Lenovo-dyr. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda bu kompaniýa 18,2 mln kompýuter iberdi.

Ikinji orunda 20,2% paý we 15,9 mln iberilen gurluş bilen HP ýerleşýär. Üçlügi üç aýda 13,8 mln töweregi kompýuter satmagy  başaran Dell jemleýär. Onuň yzyndan 7,1 mln satylan PK bilen Apple gelýär. Bazaryň beýleki oýunçylary umumylykda 23,8 mln desktop we noutbuk satdylar.

Counterpoint Technology Market Research-iň pikiriçe, bölekleriň ýetmezçiligi şu ýylyň ikinji ýarymynda gowşar. Şeýle-de bolsa, häzirki ýagdaýda 2022-nji ýylyň jemi boýunça PK üpjünçiligi öň çak edileninden pes bolup biler.

şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......