Günorta Koreýada bir aýda doglan çagalaryň sany boýunça täze antirekord hasaba alyndy

  • 01.05.2022 14:59
  • 14k+

2022-nji ýylyň fewral aýynda Günorta Koreýada 20 654 çaga dünýä indi we bu 1981-nji ýylda statistika ýygnalyp başlanandan bäri bu aý üçin iň pes görkeziji boldy. Muny Milli statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär.

2022-nji ýylyň fewral aýynda doglan çagalaryň umumy sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2% azdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda “omikron” ştammynyň ýaýramagy sebäpli 29 189 ölüm hasaba alyndy, bu bolsa 2021-nji ýyla garanyňda, 22,7% köpdür. Şu ýyl ölüm sany we olaryň degişlilikde ösüşi 1983-nji ýylda häkimiýetler tarapyndan statistika ýöredilip başlanandan bäri iň ýokary görkeziji boldy.

Fewral aýynda ilatyň tebigy azalmasy 8 535 adama ýetdi, otrisatel dinamika eýýäm bassyr 28 aý bäri saklanýar. Migrantlary hasaba almak bilen Günorta Koreýanyň ilatynyň sany dogluş derejesiniň pes bolmagy, ilatyň garramagy we pandemiýa bilen baglylykda migrasion ösüşiň peselmegi sebäpli 2021-nji ýylda ilkinji gezek azaldy. Statistika edarasynyň hasabyna görä, 2021-nji ýylda Koreýa Respublikasynda, takmynan, 51,7 mln adam ýaşaýardy. 


09.06.2026 23:10
2.5k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.7k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....