UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finallaryny üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 28.04.2022 18:42
  • 17k+

Ýewropanyň futbol assosiasialarynyň birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň ýarym final oýunlaryny üýtgetmek mümkinçiligine garaýar. Bu barada The Times neşiri habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, ýarym finalyň oýunlarynyň ýatyrylmagy mümkin — Ýewropa klublarynyň assosiasiasy ýarym finallary we turniriň finalyny bir hepdäniň dowamynda bir şäherde «Dörtleriň finaly» formaty görnüşinde  geçirmegi teklip etdi.
Häzir ýarym finalyň oýunlary iki tapgyrda geçirilýär: klublar öz meýdançasynda we myhmançylykda oýnaýarlar. Şonda toparlaryň birine artykmaçlyk berýän «myhmançylykdaky gol» hukugy ýatyryldy.
Bu möwsümde Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyryna Madridiň «Realy» we «Mançester Siti», şeýle hem «Wilarreal» bilen «Liwerpul» çykdylar.
Garşydaşlaryň birinji jübütiniň arasyndaky güýç synanyşykda iňlisler üstün geldiler. Olar birinji oýunda 4:3 hasap bilen utdular.
«Wilarreal» — «Liwerpul» jübütinde hem ýeňiş Angliýanyň wekilleriniňki boldy. Hasap 2:0 bilen tamamlandy.
Jogap oýunlary 3-nji we 4-nji maýda Ispaniýada geçer.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......