BSGG näbelli gelip çykyşly ýiti gepatit hadysalaryny öwrenýär

  • 28.04.2022 18:13
  • 7.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) gelip çykyşy näbelli bolan ýiti gepatit hadysalaryny işjeň öwrenýär. Bu barada geçirilen brifingde BSGG-niň uly ylmy işgäri Filippa Isterbruk habar berdi. 

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli dünýäde gelip çykyşy näbelli bolan ýiti gepatit keseliniň 160 töweregi hadysasy tassyklanyldy, olar “hünärmenler tarapyndan işjeň öwrenilýär”. “Biz dürli faktorlaryň tutuş bir toplumyny, bu keseliň mümkin bolan ýokanç we ýokanç däl çeşmelerini gözden geçirýäris. Biz ýurtlar tarapyndan habar berilýän öňki we täze hadysalary-da öwrenýäris” – diýip, Isterbruk belledi.
Hünärmeniň bellemegine görä, häzirki wagtda ýiti wirus gepatitine (A, B, C, D we E) sebäp bolýan wiruslar tapylmady. Aşgazanyň bozulmagyna ýa-da gastroenterite sebäp bolýan bakteriýalardan ýa-da wiruslardan hem ýekejesi-de ýüze çykarylmady. “Tutuş dünýä boýunça doldurylan anketalardan haýsydyr bir iýmit, haýsydyr bir derman serişdesi, haýsydyr bir sebite gezelenç bilen baglanyşygyň ýokdugy gelip çykýar. Möhüm ýeri, hiç bir zat koronawirusa garşy sanjym bilen baglanyşygyň bardygyny görkezmeýär. Çagalaryň köpüsi koronawirusa garşy sanjym almandy. Belki, bu adenowirus bilen baglanyşyklydyr, bu keseliň gelip çykyşynyň ähtimal çaklamasy” – diýip, ol aýtdy. 
Öň, BSGG 12 ýurtda, şol sanda Beýik Britaniýada, Ispaniýada, Ysraýylda we ABŞ-da çagalaryň arasynda gelip çykyşy näbelli bolan ýiti gepatit keseliniň 169 hadysasynyň hasaba alnandygyny habar berdi. Bu kesel wagtynda bagyr fermentleriniň derejesi ýokarlanýar we köp ýagdaýlarda aşgazan-içege alamatlary, şol sanda garyn agyrysy, içgeçme we gaýtarma bolýar.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......