«Mançester Siti» birinji ýarym final duşuşygynda «Realdan» üstün çykdy

  • 27.04.2022 05:48
  • 11k+

Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Mançester Siti» öz meýdançasynda Madridiň «Realyndan» üstün çykdy.

Duşuşyk 4:3 hasabynda tamamlandy. Iňlis klubunyň düzüminde Kewin De Bruýne, Gabriel Jesus, Fil Foden we Bernardu Silwa tapawutlandy. «Realyň» düzüminde Winisius Žunior we Karim Benzema (dubl) gol geçirdi. 34 ýaşly fransuz futbolçysy üçin bu duşuşyk madrid klubunyň düzüminde 600-nji oýun boldy.
Bu klublaryň arasyndaky jogap duşuşygy 4-nji maýda Madridde geçiriler.


şu gün 08:01
341

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......

düýn 19:30
2.3k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
4.5k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

13.05.2026 23:00
2.9k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....