Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Hytaýyň goranmak ministrini kabul etdi

  • 27.04.2022 04:53
  • 15k+

26-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak onuň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ynsanperwer ulgamdaky, aýratyn-da, bilim, ylym, medeniýet, sport we saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup durýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Goranyş häsiýetine eýe bolan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýän Harby doktrina hut şu maksatlara kybap gelýär. Şunda Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem türkmen tarapynyň oňyn başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň möhüm şerti bolan Bitaraplyk derejesine çuňňur hormat goýýandygy bellenildi.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......