Android gurluşlarynyň dünýädäki paýy soňky 4 ýylda 8% azaldy

  • 26.04.2022 15:40
  • 4.3k+

Android operasion sistemasy bazarda iň meşhur mobil programmasy bolmagyna garamazdan, kem-kemden öz ornuny ýitirýär. Analitikleriň maglumatlaryna görä, ony Apple kompaniýasynyň iOS-y gysyp çykarýar.

StockApps kompaniýasynyň geçiren gözlegi tas dört ýylda Android-iň paýynyň 77,32%-den 69,74%-e çenli azalandygyny, iOS-yň paýynyň bolsa 19,4%-den 25,49%-e çenli ýokarlanandygyny görkezdi. 
Apple şeýle görkezijileri gymmat bolmadyk iPhone SE smartfonlaryny we iPad planşetlerini çykarmagyň hasabyna gazandy. Belläp geçsek, sebite baglylykda operasion sistemalaryň paýy ep-esli tapawutlanýar. Mysal üçin, Demirgazyk Amerikada we Okeaniýada iOS-yň paýy 54%, Android-iň paýy 45%.
Afrikada beýle ýagdaý tersine bolup, iOS bilen Android-iň paýy degişlilikde 14% we 84%. Aziýa we Günorta Amerika sebitlerinde Android agdyklyk etmek bilen, degişlilikde 81% we 90% paýa eýedir. iOS-yň paýy Aziýada 18% we Günorta Amerikada 10%.

şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......