Aşgabada täze güwänamanyň berilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

  • 25.04.2022 23:59
  • 14k+

25-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristetiniň prorektory Nurmuhammet Şihlyýew, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen BMG-niň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Bu ugurda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn orny barada nygtaldy.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

11.06.2026 12:12
8.6k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......