Andreý Rublýow ATP ýaryşynyň finalynda Nowak Jokowiçden üstün çykdy

  • 25.04.2022 12:52
  • 3.7k+

Russiýaly tennisçi Andreý Rublýow Professional-Tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) Belgradda geçen ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ýaryşyň netijeleri guramanyň saýtynda berilýär.

Final oýunda russiýaly tennisçi dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiçden üstün çykdy.
Duşuşyk 2 sagat 27 minut dowam etdi we  üç setde 6:2, 6:7 (4:7), 6:0 hasap bilen tamamlandy.
Turniriň ýarym finalynda Rublýow italiýali Fabio Fonýini ýeňdi. Duşuşyk iki setde 6:2, 6:2 hasap bilen tamamlandy. Jokowiç russiýaly Karen Haçanowdan üstün geldi (4:6, 6:1, 6:2).
Rublýow Professional-Tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) sanawynda sekizinji ýeri eýeleýär. 2021-nji ýylyň sentýabrynda russiýaly türgen sanawda bäşinji ýeri eýeläp, iň oňat netijesini görkezipdi. 2020-nji ýylda Tokioda geçen Olimpia oýunlaryda Rublýow Anastasiýa Pawlýuçenko bilen bilelikdäki mikstde çempion boldy.
Jokowiç Professional-Tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) sanawynda öňdeligi elden bermän gelýär. 28-nji fewralda dünýäniň birinji raketkasynyň derejesini Daniil Medwedew aldy. Emma bir hepdeden soň, 4-nji aprelde russiýaly türgen sanawdaky birinji ýerini serbiýala berdi.


düýn 10:24
922

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......