Serdar Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

  • 24.04.2022 14:12
  • 19k+

23-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Atçylyk toplumynyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň başynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidente sowgat hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ähli atşynaslaryň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri hem-de olaryň şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra bu ýerde bedew muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Köp sanly janköýerler arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Gözden geçiriliş tamamlanandan soň, bedewleriň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de olaryň gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......