KHBS: Los-Anjelesiň kinostudiýalary önümçiligi 40% ýokarlandyrdy

  • 24.04.2022 01:12
  • 2.9k+

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Los-Anjelesde kino önümçiliginiň göwrümi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40,2% ýokarlandy. Bu barada FilmLA täjirçilik däl guramasynyň hasabatyna salgylanyp, “Variety” žurnaly habar berdi.

Ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda Los-Anjelesde 9 832 kino surata düşürme güni geçirildi. Soňky gezek şeýle görkeziji 2016-njy ýylda bellige alyndy, şonda kino surata düşürme 9 725 günüň dowamynda alnyp baryldy. Şol bir wagtyň özünde, hasabatda 2021-nji ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende kino önümçiliginiň depgininiň birneme peselendigine garamazdan, 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynyň görkezijileriniň 2021-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda ýokary bolandygy aýdylýar. Şol wagt önümçilik delta-ştammynyň ýaýramagy bilen baglylykda, 7 011 surata düşürme gününe çenli azalypdy.

Koronawirus bilen bagly ýagdaýyň gowulaşmagy telewideniýe önümçiligine-de öz täsirini ýetirdi, 2022-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Los-Anjelesde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18,7% köp film we realiti-şou surata düşürildi. Serial önümçiliginiň ýyllyk möçberi bolsa 12,3% azaldy (2021-nji ýyldaky 1 459 surata düşürme gününden 2022-nji ýylda 1 279 güne çenli), şeýle-de bolsa bu görkeziji soňky bäş ýylda ýanwar – mart aýlaryndaky ortaça görkezijiden 8,6% ýokarydyr.

Los-Anjelesde surata düşürilen seriallaryň arasynda şular bar: “Elhençlikleriň amerikan taryhy” (FX), “Kiçijik Amerika” (Apple TV+), “Perri Meýson” (HBO), “S.W.A.T: perişdeleriň şäheriniň ýörite harby topary” (CBS), “Stýuardessa” (HBO Max).


25.06.2026 14:47
4.7k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....