Elýeterli ýaşaýyş jaýlary bolan dünýä ýurtlary belli boldy

  • 22.04.2022 14:05
  • 21k+

Britaniýanyň Investing Review internet portaly jaý satyn almak üçin dünýäniň iň amatly ýurtlarynyň sanawyny neşir etdi. Ýaşaýyş jaýynyň elýeterliligini kesgitlemek üçin hünärmenler 50 ýurtda ortaça ýyllyk zähmet hakyny, bir inedördül metr üçin ortaça bahany, ýaşaýyş jaýynyň ýyllyk zähmet hakyndan göterimde bahasyny we meýdany 45 inedördül metr bolan kwartiranyň bahasyny, şeýle-de kommunal hyzmatlar we internet üçin çykdajylary hasapladylar.

Iň amatly ýaşaýyş jaýlary bolan dünýä ýurtlarynyň onlugy:

  1. Hindistan
  2. Türkiýe
  3. Bolgariýa
  4. Meksika
  5. Rumyniýa
  6. Braziliýa
  7. Russiýa
  8. Kolumbiýa
  9. Litwa
  10. Wengriýa

Amatly däl ýaşaýyş jaýlary bolan dünýä ýurtlarynyň onlugy:

  1. Lýuksemburg
  2. Şweýsariýa
  3. Günorta Koreýa
  4. Ýaponiýa
  5. Ysraýyl
  6. Norwegiýa
  7. Germaniýa
  8. Awstriýa
  9. Awstraliýa
  10. Beýik Britaniýa
şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......