Maradonanyň rowaýata öwrülen futbolkasy satylýar

  • 22.04.2022 05:21
  • 17k+

Argentinanyň rowaýata öwrülen oýunçysy Diego Maradonanyň futbolkasyny auksiona goýup satarlar diýip, CNN habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, satuwa 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Angliýanyň ýygyndysy bilen oýnalan oýunda (2:1) geýlen futbolka çykarylar. Şol oýunda argentinaly futbolçy iki gol salyp tapawutlandy, şolaryň birini eli bilen geçirdi. Şol gol soň "hudaýyň eli" diýen ady aldy. Soňky 35 ýylyň dowamynda futbolka Angliýanyň ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysy Stiw Hoja degişli bolupdy. Ol oýundan soň Maradona bilen futbolkasyny çalşypdy.
Futbolka 5,25 mln diýip baha kesilýär. Onlaýn-söwda 20-nji aprel - 4-nji maý aralygynda geçer.
1986-njy ýylyň Dünýä çempionatynda Argentinanyň milli topary ýeňiş gazandy. Diego Maradona turniriň iň gowy oýunçysy diýip yglan edilipdi. 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda öňki futbolçy ýüregi durup aradan çykypdy. Ol 60 ýaşyndady.


şu gün 11:36
847

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

düýn 09:55
4k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

20.05.2026 23:01
6.9k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....