Global smartfon üpjünçiligi I çärýekde 11% pese gaçdy

  • 21.04.2022 18:57
  • 6.9k+

Birinji çärýekde dünýäde smartfon üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11% azaldy. Muny Canalys analitik kompaniýasynyň deslapky maglumatlary delillendirýär. Bu COVID-19 pandemiýasy başlany bäri iň ýaramaz pese gaçyş bolup, ol oňyn däl ykdysady şertler we möwsümleýin islegiň gowşaklygy bilen baglanyşyklydyr diýlip, habarda aýdylýar.  

“Bazarlarda “omikron” ştammy sebäpli COVID-19 bilen keselleme hadysalary hem köpelýär” – diýip, Canalys-yň wise-prezidenti Nikol Pen belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, üpjün edijiler rus-ukrain dawasy, Hytaýda dowam edýän lokdaunlar, şeýle-de inflýasiýanyň ýokarlanmak howpy sebäpli düýpli näbellilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. “Bularyň ählisi pes möwsümleýin islege goşuldy” – diýip, Pen belleýär. 
Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy ýanwar – mart aýlarynda smartfon satuwy boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Onuň bazardaky paýy geçen ýylyň degişli döwründäki 22% we 2021-nji ýylyň dördünji çärýegindäki 19% bilen deňeşdirilende 24% boldy.
Apple Inc. amerikan kompaniýasy iPhone 13-e islegiň ýokary bolmagy sebäpli özüniň bazar paýyny bir ýyl ozalky 15%-den 18%-e çenli artdyrdy.
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 13% paý bilen üçünji orunda galdy. Onuň paýy 2021-nji ýylyň birinji çärýegindäki görkezijiden (14%) pes boldy. Dördünji we bäşinji orunlary Oppo (şol sanda OnePlus) we Vivo eýeledi. Olaryň global bazardaky paýlary, degişlilikde 11%-den 10%-e we 10%-den 8%-e çenli azaldy.

şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......