WhatsApp-da täze funksiýa peýda boldy

  • 20.04.2022 14:11
  • 9.2k+

WhatsApp-yň administrasiýasy serwise göni programmanyň özünde messenjeriň dilini üýtgetmek mümkinçiligini girizdi. Bu barada WABetaInfo portaly ýazýar.

Munuň üçin WhatsApp-yň sazlamalaryna geçip, “programmanyň dili” bölümine girmeli we zerur dili saýlamaly. Öň, bu funksiýa Hindistan ýaly käbir ýurtlaryň diňe beta-synagçylary üçin elýeterlidi. 
Häzirki wagtda messenjeriň sazlamalarynda programmanyň dilini üýtgetmek ähli ýurtlaryň beta-synagçylary üçin elýeterlidir. WhatsApp-yň ähli ulanyjylarynyň bu mümkinçilikden haçan peýdalanyp biljekdigi heniz belli däl.

şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......