I çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10,9 mlrd dollarlyk tebigy gaz satyn aldy

  • 18.04.2022 17:09
  • 9.4k+

Ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda Hytaý-Merkezi Aziýa gazgeçirijisi boýunça HHR-a 10,97 mlrd dollarlyk tebigy gaz akdyryldy diýip, PipeChina West Gas Pipeline kompaniýasy habar berýär.

«Sinhua» habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, şol turbageçiriji boýunça geçen ýyl Hytaýa 44,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz akdyrylypdy.
Turbageçirijiniň uzynlygy 1833 km, taslama boýunça ýylda 60 mlrd kubometr gazy geçirmäge kuwwaty bar, 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlipdi.
Turbageçiriji Türkmenistan bilen Özbegistanyň aralygyndaky serhetden başlanýar, soň Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň içinden geçip, Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Sinszýan-Uýgur etrabynda, Horgosda Günbatar-Gündogar gazgeçirijisine baryp birigýär we Hytaýyň ilkinji serhetaşyr gazgeçirijisi hasaplanýar.
Türkmenistan  HHR-a turbageçiriji boýunça tebigy gazy eksport etmekde birinji orny eýelemegini dowam edýar. Ikinji ýerde Russiýa durýar, onuň yzyndan Mýanma, Gazagystan we Özbegistan gelýär.
Häzirki wagta çenli HHR Türkmenistandan 300 milliard kubometrden gowrak tebigy gazy satyn aldy.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...