Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar

  • 18.04.2022 17:05
  • 12k+

Samsung kompaniýasy täze smartfon bilen mobil gurluşlarynyň assortimentiniň üstüni ýetirdi. Gürrüň Samsung Galaxy Quantum 3 smartfony baradadyr. Bu smartfon Günorta Koreýanyň bazaryna çykdy. Täze önümiň 22-nji aprelde başlajak satuwy bilen ýerli öýjükli aragatnaşyk operatory SK Telecom meşgullanar.

Galaxy Quantum 3 smartfony Full HD+ durulygy we 120 Gs kadr ýygylygy bolan 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED Infinity-O displeýi bilen üpjün edildi. Yzky panelde 108 MP, 8 MP, 2 we 2 MP datçikli dört bölekli kamera oturdyldy. Frontal modulyň durulygy 32 MP.
Dewaýsyň enjam platformasy MediaTek Dimensity 900 çipsetine esaslanýar. SoC 6/8 GB operatiw ýat we 128/256 GB fleş-ýat bilen bilelikde işleýär.
Smartfon 25 Wt çalt zarýady göterýän 5000 mA/s sygymly akkumulýator batareýasy bilen iýmitlenýär. Şeýle-de, ol gapdal tarapynda ýerleşýän barmak yzyny skanerleýjä, USB Type C portuna we NFC çibine eýedir.
Galaxy Quantum maşgalasynyň beýleki wekilleri ýaly, täze önüme maglumatlaryň goşmaça goragyny üpjün edýän tötänleýin sanlaryň kwant generatory (QRNG) birleşdirildi.


03.03.2026 15:24
6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
10k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.1k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...

16.02.2026 03:47
5.3k+

Samsung-yň täze funksiýasy Galaxy S26 Ultra-nyň ekranyny ýat gözlerden gorar

Samsung-yň Demirgazyk Amerika bölümi ekranyň ýüzüni nätanyş gözlerden gizleýän täze funksiýa hakynda gysgajyk wideo görkezdi. Kompaniýa oňa «Privacy Display» diýip at berýär. Bu tehnologiýany ilkinji bolup, Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonunyň almagyna garaşylýar...