Hyundai we Kia awtoulaglary ýagy köp harçlamakda aýyplanýar

  • 18.04.2022 16:35
  • 11k+

Hyundai we Kia ulaglarynyň motor ýagyny aşa köp harçlamasyndan nägile bolan awtoulag eýeleri Kaliforniýada (ABŞ) okrug kazyýetine köpçülikleýin arza berdiler diýip, Carcomplaints.com habar berýär.

Nägilelikler Nu, Gamma, Theta, Lambda we Kappa hereketlendirijileri oturdylan Hyundai we Kia awtoulaglaryna degişli. Ýagy aşa köp sarp edýändigi bilen bagly, arzaçylar Hyundai bilen Kianyň 2009-2022 ýyllar aralygynda goýberilen 20 modelini, kemciligi düzetmek ücin, yzyna almak işini geçirmegi talap edýärler. Olaryň hatarynda esasan, Hyundai Sonata we Santa Fe, Palisade, Veloster, Kia Sportage, K5, Stinger we Soul ulaglary bar. Awtoulag eýeleriniň Hyundai kompaniýasynyň üstünden ýazan arzalarynda ýagyň mukdaryny adatdakysyndan ýygy barlamaly bolýandyklaryny,  üstüni dolanda hem ulanmak boýunça gözükdirmede görkezileninden köp ýag guýmaly bolýandyklaryny tassyklaýarlar.  


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....