Nemkow we Anderson Bellatoryň tituly üçin gaýtadan güýç synanyşarlar

  • 17.04.2022 14:56
  • 9.3k+

Garyşyk söweş stiliniň russiýaly pälwany Wadim Nemkow amerikaly Kori Andersona garşy gaýtadan başa-baş söweşe çykar. Bu barada metbugat konferensiýasynda Bellatoryň prezidenti Skott Koker habar berdi.

"Bu tutluşygyň netijesi biziň keýpimizi gaçyrdy. Men oňa ýene üç-dört aýdan dolanyp gelmekçi" diýip, ol aýtdy.

Kokeriň sözlerine görä, pälwanlaryň ikisiniň hem saglyklary gowy bolup dursa, olaryň gaýtadan tutluşygy tomsuň ahyrynda guralar.
Nemkow bilen Andersonyň tutluşygy 16-njy aprelde ir säher San-Hosede (ABŞ, Kaliforniýa ştaty) Bellatoryň Baş baýragy ugrundaky finalyň çäklerinde geçdi we üçünji tapgyrda amerikaly pälwanyň kellesi bilen russiýalynyň gaşyny çapany üçin, geçmedik diýip hasap edildi. Tutluşykdan soň, Nemkowy hassahana ýerleşdirdiler.


17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...