Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda «Mançester Siti» «Real» bilen duşuşar

  • 14.04.2022 06:06
  • 8.5k+

Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Angliýanyň «Mançester Siti» kluby ispanlaryň «Atletikosy» bilen deňme-deňlikde oýnady we iki oýnuň netijesi boýunça ýarym finala çykdy.

Madridde geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Bu klublaryň arasyndaky birinji oýun mançesterlileriň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlanypdy.
Ýarym finalda «Mançetser Siti» ispanlaryň «Realy» bilen duşuşar. «Real» öňküsi gün «Çelsini» ýaryşdan çykarypdy.
Belläp geçsek, «Man Siti» Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminde final duşuşygynda «Çelsiden» ýeňlipdi.


düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......